TÄZE, DÖWREBAP OBA DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLDY

Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap obanyň şatlyk-şowhun bilen açylyp, ulanylmaga berilmegi taryhy waka öwrüldi. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda bu oba «Döwletli mekan» adynyň dakylmagy, hormatly Prezidentimiziň täze obanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara Gutlag ibermegi etrabymyzyň bagtyýar ýaşlaryny has-da begendirdi, şatlygyna şatlyk goşdy.

Täze, döwrebap obada maşgalalaryň 400-sine jaý toýlaryny toýlamak bagty miýesser etdi. Ol ýerde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan başga-da  640 orunlyk orta mekdep, 320 orunlyk çagalar bagy, Saglyk öýi, Söwda merkezi we oba Geňeşliginiň edara binasy bar.

Täze obanyň açylyş dabarasyny aýdym-sazlar, türkmen halkynyň toý däplerini açyp görkezýän milli öwüşginli çykyşlar bezedi. Şeýle görnüşler baky bagtyýarlygyň alamaty bolup, beýik döwrümize buýsanjymyzy artdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga, berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Jeýhun SAPARGULYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 82 okalan

MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

12 Sentýabr 2025 | 58 okalan

MILLI SIRK SUNGATYMYZYŇ ÖSÜŞLERI