MEDENIÝATARA GATNAŞYKLARYNDA DAŞARY ÝURT DILLERINIŇ ORNY

Häzirki döwürde diplomatiýa, oňyn halkara hyzmatdaşlyklary, medeniýetler arasyndaky gatnaşyklar sebit, ykdysady we medeni nukdaýnazardan parahatçylygyň we durnuklylygyň kepilidir. Diplomatiýanyň özeninde dialog bolup, dialoguň hem esasy dildir.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek düşünjesi diňe diliň grammatikasy ýa-da leksikologiýasyny öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, bu diliň ulanylýan ýurdunyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny öwrenmegi hem öz içine alýar. Bu bolsa medeniýetler arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine we pugtalandyrylmagyna uly täsirini ýetirýär.

Dünýäniň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky talyp alyş-çalşygy tejribesi, esasan hem, daşary ýurt dilleri we diplomatiýa ugurlarynda alnyp barylýar. Bu dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen halkara gepleşikleriniň aýdyň mysalydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly we öňdengörüjilikli tagallalarynyň netijesinde, mekdeplerde çagalara kiçi ýaşdan rus, iňlis, ýapon, nemes, fransuz, hytaý we beýleki daşary ýurt dilleri, bu ýurtlaryň geografiki aýratynlyklary, medeniýeti, däp-dessurlary öwredilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynda talyplara hünär hökmünde daşary ýurt dillerini öwrenmeklikleri üçin ähli mümkinçilikler bar.

Ýurdumyzyň Bitaraplyk, “Açyk gapylar” syýasaty durnukly diplomatiýa we syýasy, ykdysady, bilim we medeni ugurlarda parahatçylygyň, ygtybarly dostlukly we medeniýetara gatnaşyklarynyň kepili hökmünde dürli dillerde gepleşikleriň ösdürilmegine has uly ynam döredýär.

Leýla AMANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

12 Sentýabr 2025 | 141 okalan

MAŞGALA — JEMGYÝETIŇ BERK BINÝADY

12 Sentýabr 2025 | 113 okalan

MILLI SIRK SUNGATYMYZYŇ ÖSÜŞLERI