ASUDALYGYŇ GORAGYNDA

Golaýda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda etrabyň bilim bölümi, etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda, mekdep okuwçylaryň, mugallymlaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda her ýylyň sentýabr aýynda yglan edilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde «Asudalygyň goragynda» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek barada, şeýle hem ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, beden taýdan berk, sagdyn, ahlak taýdan arassa ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri barada giňişleýin bellediler. Şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen yglan edilen biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreler, ýol hereketiniň howpsuzlygy we onuň düzgün-kadalary barada giňişleýin çykyş etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Nursoltan MAKSUDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

 Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

16 Sentýabr 2025 | 36 okalan

ASUDALYGYŇ GORAGYNDA

16 Sentýabr 2025 | 34 okalan

GARAŞSYZ ÝURDUŇ WASPY DILLERDE

10 Sentýabr 2025 | 158 okalan

AK ÝOLLARYŇ ASUDALYGY