KITAP BILEN AÇYLÝAR TARYHYŇ SYRLY GATLARY

Ýaňy-ýakynda Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Merkezi kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi hem-de Merkezi kitaphananyň bilelikde guramagynda «Kitap bilen açylýar taryhyň syrly gatlary» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Merkezi kitaphananyň işgärleri, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri gatnaşdy.

Duşuşykda Darganata etrap Merkezi kitaphanasynyň işgäri Nargiza Hudaýbergenowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Roza Saparowa çykyş etdiler.

Olar öz çykyşlarynda ýaşlarda kitaba bolan söýgüni güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgusyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgüni artdyrmak, şeýle-de kitap adamzat paýhasynyň dürdänesini ýygnaýar we olar nesilden-nesle geçirilýär diýip belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsun aýtdylar.

Firuza BAGTYÝAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Darganata etrap Geňeşiniň başlygynyň

w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

19 Sentýabr 2025 | 34 okalan

ÝURDUMYZ PARAHAT – ILLERIMIZ ABADAN

19 Sentýabr 2025 | 31 okalan

HALK MASLAHATY – HALKYŇ BÄHBIDI

19 Sentýabr 2025 | 27 okalan

BILIMLI ÝAŞLAR – BEÝIK WE ŞÖHRATLY GELJEK