Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň durmuşynda her ýylda asylly däbe hem-de taryhy ähmiýetli waka öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bu umumymilli forumyň nobatdaky mejlisine uly taýýarlyk görülýär.
Diýarymyzyň toý-baýrama beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilelikde guramagynda institutyň ýazgylar jaýynda «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» atly gepleşik ýazgy edildi. Gepleşikde çykyş edenler ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändigi hem-de bu taryhy maslahatyň geljekde öňde duran wezipeleri anyk kesgitläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gazananlaryny berkitmekde uly ýardam berýändigi barada buýsanç bilen bellediler.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmekde beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.