GARAŞSYZLYK SENASY — MIZEMEZ ÝURT BINASY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hem-de Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda, şol mekdebiň talyplarynyň gatnaşmagynda, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk senasy — mizemez ýurt binasy» atly şygar astynda amaly maslahat geçirildi.

Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly, döwletliligiň belent ykrarnamasy, onuň buýsançly geçmişine, şöhratly şu gününe, röwşen geljegine guwanyp, ýer ýüzünde bagtyýar, erkana ýaşamagynyň kepili bolup durýar.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ösüş ýolunda ýeten sepgitlerine nazar aýlanymyzda, ýurdumyzda ylym-bilimde, oba hojalykda, söwdada, ulag-aragatnaşykda, medeniýetde, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň, gazanylýan ösüşleriň şaýady bolýandygymyzy uly buýsanç bilen bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülruh ATABAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

19 Sentýabr 2025 | 47 okalan

GARAŞSYZLYK SENASY — MIZEMEZ ÝURT BINASY

18 Sentýabr 2025 | 118 okalan

AÝDYM-SAZLY ÇÄRE GEÇIRILDI

17 Sentýabr 2025 | 93 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI