GARAŞSYZLYK – BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

Ýakynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň toýuny mynasyp garşylamak, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde «Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň işgärleri we dürli pudakda zähmet çekýän işjeň agzalary hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Baýramçylyk dabarasynda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Aýdymlarda ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaçly işleriniň waspy edildi. Şeýle-de, dabarada işjeň agzalaryň hem-de talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlary belentden ýaňlandy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň asuda, halkymyzyň bagtyýar bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Annagözel SARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

14 Oktýabr 2025 | 39 okalan

YHLASLY ZENAN ÖÝ-OJAGYŇ ÝYLYSY

14 Oktýabr 2025 | 83 okalan

«ÇAGA EZIZ, EDEBI ONDAN HEM EZIZ»

14 Oktýabr 2025 | 38 okalan

MEDENI MIRASYM — MÜDIMI MIRASYM