TÜRKMENISTANYŇ NAÝBAŞY FUTZAL LIGASYNYŇ MARY WELAÝAT TAPGYRY BADALGA ALDY

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň Mary welaýat tapgyry Mary şäherindäki birinji sport mekdebiniň sport zalynda geçirilen 14-nji tapgyryň duşuşyklary bilen badalga aldy.

Öň habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň çempiony diýen at ugrunda Aşgabat şäheriniň, Balkan we Ahal welaýatlarynyň alty futzal topary bäsleşýär.

14-nji tapgyryň merkezi duşuşygynda baýrakly orunlaryň üçlüginde galmak ugrunda göreşýän «Senagatbank» bilen Türkmenistanyň öňki çempiony «Deňizçi» toparlary duşuşdy.

Duşuşyk Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň toparynyň hüjümleri bilen başlandy. «Deňizçi» topary 0:0 hasabynda üç sany pökgini geçirmäge amatly pursady elden giderdi.

15-nji minutda «Senagatbank» toparynyň oýunçysy Şatlyk Babaýew uzakdan pökgini urup we pökgi derwezäniň sütünine degip, derwezä girýär.

Duşuşygyň ikinji ýarymynda «Deňizçi» topary hasaby deňlemek üçin köp tagallalar etdi. Maksat Soltanow, Kirill Çaryýew amatly pursatlardan pökgini derwezä salyp bilmediler. Duşuşygyň soňuna iki minut galanda Ýakup Öwezowyň ýolbaşçylygyndaky topara ýeňlişden sowlup geçmek başartdy. Bäşinji meýdan oýunçysy bolup çykan derwezeçi Rehimberdi Halmämmedow ýakyn burça takyk urgy edip, hasaby deňledi. Soňky minutda ol meňzeş ýagdaýda «Deňizçi» toparyna ýeňiş getirmäge-de mümkinçilik aldy, ýöne derwezäniň sütüni garşydaşy halas etdi.

Toparlar 1:1 hasabynda deňme-deň oýnap, 1 utukdan aldy. «Senagatbank» topary 21 utuk bilen ýaryş sanawynda üçünji orny eýeläp, «Deňizçi» toparyndan 2 utuk öňe saýlanýar. «Ahal» topary TNGIZT toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykyp, 22 utuk bilen ikinji orny eýeleýär. Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda «Migrasiýa» toparyny 4:2 hasabynda ýeňeninden soň 34 utuk toplan ýurdumyzyň häzirki çempiony «Köpetdag» topary öňde barýar.

Indiki, 15-nji tapgyrda TNGIZT – «Deňizçi», «Migrasiýa» – «Ahal» we «Senagatbank» – «Köpetdag» toparlary duşuşarlar.

turkmenistan.gov.tm