TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASYNYŇ TARYH WE ARHEOLOGIÝA INSTITUTYNDA HALYPA-ŞÄGIRTLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Her bir ynsan halypa görmezdenem, belli bir ýoly külterläp biler, emma halypalar has uzak menzillere ýetmäge güýç-gaýrat, ynam berip bilýän ynsanlardyr. Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde halkymyzyň ruhy-ahlak ýoly bolan halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmegiň ähmiýeti diýseň uludyr.

Şeýle milli ýol-ýörelgämiziň ugry bilen şu ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Maýa Emirowanyň ýolbaşçylygynda kitaphanaçylyk fakultetiniň arheologiýa taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda halypa-şägirtlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda, ilki bilen, TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Kakadurdy Durdyýew arheologik tapyndylaryň çekiliş usuly barada giňişleýin maglumat bermek bilen, onuň ýerine ýetirilişini mysallaryň üsti bilen talyplara görkezdi. Elbetde, arheologlar diňe tapyndyny tapmak bilen çäklenmän, edil görnüşi ýaly edip onuň suratyny çekmegi, onuň nagyşlarynyň ýa-da ýasalyş usulynyň üsti bilen senelemegi hem başarmalydyrlar. Kakadurdy Durdyýewiň üstünde işlän täze işi bolan Paryzdepeden tapylan keramika küýzäniň çekilişi has-da biz – talyplaryň ünsüni özüne çekdi. Onuň ýüzüne çekilen dag çeşmeleriniň şekili türkmen topragyndaky gadymy sungatyň ösen alamatlarynyň biri bolup durýar.

Öz çykyşynda: «Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň çäklerinden geçen şahalarynyň ugrunda ýerleşen birnäçe şäherdir kerwensaraýlar, hususan-da olaryň goňşy sebitler we ýurtlar bilen alyp baran ösen söwda we medeni gatnaşyklary, halkymyzyň ykdysady, maddy we ruhy durmuşynyň ösüşiňe oňyn täsir edipdir» diýip, taryh ylymlarynyň kandidaty Allaguly Berdiýew uly buýsanç bilen gürrüň berdi. Şeýle hem Allaguly mugallymyň Şährislamda sardobanyň we onuň gapdalynda turba şekilli geçiriji bilen birikdirilen ýene bir ýerzeminiň açylandygy barada beren gürrüňleri has täsirli boldy. Alymlaryň pikirine görä, şeýle ýerzeminlerde kerwensaraýa gelýän myhmanlar üçin niýetlenen iýmitleriň we azyk önümleriniň saklanan bolmagy ähtimal.

Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Şöhrat Annataganowyň çykyşy, esasan, ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginiň öwrenilişi barada boldy. Bu ýerdäki başga hiç bir ýadygärlikde gabat gelinmedik medeni gatlaklaryň garyşyklygy alymlara häzirki güne çenli onuň haýsy döwre degişlidigini anyklamaga mümkinçilik bermeýär. Sebäbi, Şöhrat mugallymyň belläp geçişine görä, bürünç eýýamyna degişli medeni gatlakda eneolit eýýamyna degişli tapyndylaryň ýa-da onuň tersine, eneolite degişli gatlakdan bürünç eýýamynyň önümleriniň tapylmagy örän haýran galdyryjy ýagdaýdyr.

Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýän bu duşuşygynyň dowamynda halypa alymlarymyz talyp ýaşlara taryhy ýadygärliklerimiz, olaryň dünýä medeniýetine goşan beýik goşantlary, şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda olaryň sarpalanylyşy barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Şeýle-de duşuşykda talyplar bu ugurdan özlerini gyzyklandyrýan sowallar barada halypalar bilen sorag-jogap alyşdylar. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi biz – geljekki arheologlara öz aslymyzy, taryhymyzy çuňňur öwrenmegimiz we ony bütin dünýäde dabaralandyrmagymyz üçin uly görelde mekdebi bolup durýar.

turkmenistan.gov.tm

Meňzeş habarlar