BITARAPLYK, PARAHATÇYLYK – ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Golaýda Lebap welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hem-de Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyza bagyşlap «Bitaraplyk, parahatçylyk – ösüşleriň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Welaýatymyzyň bilim işgärleriniň we öňdebaryjy ýaş hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu dabaraly maslahat, medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren ajaýyp tanslary, şirin owazly aýdym-sazlary bilen utgaşyp, dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Maslahatda çykyş edenler, parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmäge gönükdirilen gymmatly düşünjeler bolup, olar häzirki wagtda döwletleriňdir halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigi dogrusynda belläp geçdiler.

Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, bagtyýar ýaşlarymyza uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza we ýaşlary Watanyň daýanjy hasaplaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Aziz ROZUMYRADOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 18 okalan

EDEPLI ILE ÝARAR

14 Oktýabr 2025 | 75 okalan

WASPY DÜNÝÄNI JADYLAN, TÜRKMEN ALABAÝY