TENNIS BOÝUNÇA TÜRKMENISTANDA BIRINJILIK UGRUNDAKY ÝARYŞYŇ ÝEŇIJILERI KESGITLENDI

«Aşgabat» köpugurly stadionynda tamamlanan Türkmenistanda tennis boýunça birinjilik ugrundaky ýaryş Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndan, şeýle hem Aşgabatdan ozal bolmadyk mukdardaky – 210 türgeni (98 oglan we 102 gyz) bir ýerde jemledi. Ýaryşlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramçylygyna gabatlap geçirildi.

Ýeňijiler üç ýaş toparynda kesgitlenildi: 12, 14 we 18 ýaş.

Gyzlaryň arasynda geçirilen bäsleşikde Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 12 ýaşly 7-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewa 12 we 14 ýaşdan geçmedik toparlarda birinji bolmak bilen, iki altyn medala mynasyp boldy. Ol iki finalda-da Aşgabat şäherindäki 90-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy, iki kümüş medala mynasyp bolan Sähra Garahanowany utdy. Bu ýyl Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparyndaky bu türgenleriň ikisiniň hem milli tennis taryhynda ajaýyp üstünlik gazanmagy – Özbegistanyň Fergana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa saýlama ýaryşynda ikinji orny eýelemekleri we ilkinji gezek Aziýanyň 12 ýaşdan geçmedik gyzlaryň arasynda geçirilen toparlaýyn ýaryşyň soňky tapgyryna çykmaklary bellenmäge mynasyp wakadyr.

Kiçi ýaş toparynda Safiýa Tribunskaýa, 14 ýaşdan geçmedikleriň toparynda bolsa Anna Ponýatowa bürünç medala mynasyp boldular.

Oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Mary şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 12 ýaşly 7-nji synp okuwçysy Ýunus Annamyradow üç gezek hormat münberine çykdy. Ol kiçi ýaş toparynda finalda Erkin Altyýewi ýeňip, altyn medal gazandy, 14 ýaşdan geçmedikleriň toparynda bolsa finalda A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Kerimgeldi Guldurdyýewden asgyn gelip, kümüş medal aldy.

K.Guldurdyýewiň ýeňşi tötänlik däl ýaly. Bu tennisçi 2024-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň 14 ýaşdan geçmedik milli ýygyndy toparynyň agzasy. Geçen ýyl ol «Ashgabat Open» halkara ýaşlar ýaryşynda Nazar Amangeldiýew bilen bilelikde çykyş edip, birinji boldy, şu ýyl bolsa Tailandda 14 ýaşdan geçmedik oýunçylaryň arasynda geçirilen halkara ýaryşda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň talyby Aly Geldiýew bilen hem hut şunuň ýaly üstünlik gazandy.

Bürünç medala Demid Ugrýumow (12 ýaşadan geçmedik) we Nazar Amangeldiýew (14 ýaşdan geçmedik) mynasyp boldular.

Ýunus Annamyradow Türkmenistanyň birinjiliginiň üçünji medalyny we ikinji kümüş medaly Serdar Kömekow bilen bilelikde çykyş edende gazandy. Bu ýaryşda aşgabatly Nazar Amangeldiýew we maryly Nazym Kasymow dagy ýeňiji boldy.

Jübütleýin bäsleşikde gyzlardan Mary şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Aýnur Annamyradowa we Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Jennet Çaryýewa finalda Ilima Guseýnowa bilen Leýli Esenowany ýeňip, hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdylar.

18 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda ýekelikde geçirilen bäsleşikde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ilima Guseýnowa finalda Aýnur Möwlamowany ýeňip, birinji boldy. Ilkinji üçlügiň iň soňky hataryny Leýli Esenowa eýeledi.

Bu ýaş toparynda oglanlardan Aşgabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Selim Çagylow iki ýyl yzygider ýeňiji boldy, ol finalda kümüş medal bilen sylaglanan Nazym Kasymowdan üstün geldi. Bürünç medal bolsa Kerimgeldi Guldurdyýewe ýetdi.

Türkmenistanyň çempionatynyň netijelerine esaslanyp, halkara ýaryşlara gatnaşmak üçin 12, 14 we 18 ýaşdan geçmedik ýaş toparlarynda milli ýetginjekler ýygyndy toparlary dörediler.

turkmenistan.gov.tm