Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kafedralary «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergide ylmy-barlag işlerini üstünlikli görkezdiler. Uniwersitet nano-, bio-, ekotehnologiýalar, himiýa we «akylly» tehnologiýalar, elektronika, şeýle hem kompýuter we ykjam programmalar ulgamlarynda gazananlaryny beýan etdiler.
Hususan-da, biotehnologiýalar kafedrasy öz işläp taýýarlamalarynyň köp görnüşlerini görkezdi. Synag nusgalyklarynyň hatarynda tebigy gözellik serişdeler, azyk önümleri hem-de atyrlar görkezildi. Bu sanawa kakadylan miweler we gök önümler, sabyn, efir ýaglaryndan döredilen tebigy atyrlar, şafrandan taýýarlanylan peýdaly içgi, balykgulak ulanylyp taýýarlanylan gözellik serişdeler, ýokumly gel we ýakymly ysly şemler girizilipdir.
Nahara atmaga ulanylýan goşundylar aýratyn ünsi çekýär. Şugundyr tozy – kakadylan külkelenen şugundyr tebigy reňk beriji we tagam taýýarlanylanda we datly içgilerde peýdaly goşundy hökmünde ulanylýar. Ol ter gök önümiň ýokumly maddasyny saklaýar hem-de onda nitratlaryň bolmagy gan aýlanyşygyny we çydamlylygy gowulandyrmaga kömek edýär. Şu hatarda kädi tozy hem görkezildi.
– Biziň talyplarymyz barlaghanalarda işlerini yhlasly alyp barýarlar. Biz özümiziň birnäçe işläp taýýarlamalarymyz bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» at bilen ýaşlaryň arasynda startaplar boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşmagy maksat edinýäris-diýip, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýalar kafedrasynyň müdiri Eneş Soltanowa gürrüň berýär.
turkmenistan.gov.tm