Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatyny durmuşa ornaşdyrmakda tutumly işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryny, olaryň bidüzgünçiliklerden, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, sport ussatlyklaryny kämilleşdirmek, ökde oýunçylary seçip almak maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň guramagynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 20-nji orta mekdebiniň 5-7-nji synp okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda «Sagdyn jemgyýet – bagtyýar durmuşyň kepili» ady bilen sportuň şaşka ugry boýunça bäsleşik geçirildi. Okuwçylar sportuň şaşka ugry boýunça öz aralarynda synp aýratynlyklary boýunça güýç synanyşdylar. Geçirilen sport bäsleşiginde ýetginjekler ukyp-başarnyklaryny aýdyňlyk bilen açyp görkezdiler.
Bäsleşik çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Şeýlelik-de geçirilen sport bäsleşiginde oglanlaryň arasynda I orna Şükürbaýew Babajan, II orna Babahanow Alinur, III orna Batyrow Allanur, gyzlaryň arasynda I orna Ruslanowa Saida, II orna Serdarowa Asima, III orna Setdarowa Selbi mynasyp boldylar.
Ýeňiji bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Jemal BAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.