TÄSIRLI GEÇEN WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň hem-de hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde guramagynda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mejlisler zalynda ýaşlarymyzy Watanymyza wepaly bolmaklaryny, olaryň arasynda tertip-düzgüni has-da berkitmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Onda çykyş edenler, bagtly geljegimiziň eýesi bolan ýaş nesillerimiziň sowatly, görüm-göreldeli, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçilikleri sanap çykar ýaly däl. Bir çaganyň kemala gelmegi üçin, ene-ata tarapyndanam, mugallymlar tarapyndanam, döwletimiz tarapyndanam gör näçe yhlas, zähmet sarp edilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler adamkärçilik sypatlaryny, ynsanlyk ölçeglerini açyp görkezýär. Ýaşlar hemişe kämillige ymtylmalydyrlar. Ýadawsyz çekilmeli zähmet, kämilleşdirilmeli bilimler we hünärler, özleşdirilmeli tejribeler, ýaşlaryň öz-özüni kämilleşdirmeginiň ýolundaky sepgitlerdir. «Kämillik – ynsan durmuşynyň ölçeg daşy, bezegi hem ajaýyplygydyr» diýip aýratyn nygtap geçdiler.

Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi, halal zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Gözel SAPARMÄMMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

24 Oktýabr 2025 | 8 okalan

WATANYMYZYŇ BERKARARLYGYNYŇ, HALKYMYZYŇ...

24 Oktýabr 2025 | 5 okalan

SAGDYN NESIL – SAGDYN GELJEK

24 Oktýabr 2025 | 6 okalan

MEDENI MIRASYM – MILLI BAÝLYGYM