HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM

Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 27-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň we etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň orta mekdepleriniň 10-12-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda «Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi.

Bäsleşige gatnaşan gyzlar 3 sany şert boýunça öz aralarynda bäsleşdiler.

I şerti bäsleşige gatnaşýan gyzlar milli egin-eşiklerini geýip, ony şahyrana wasp edip özleri bilen tanyşdyrmaly;

II şerti türkmen milli tagamlarynyň arasynda naýbaşylarynyň biri hasaplanylýan unaşyny bir sazyň dowamynda kesmeli;

III şerti «Hünärim bar – hormatym bar» atly şertinde bäsleşige gatnaşýan gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini ýerine ýetirmeli;

Bu bäsleşikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni Dilber Jumageldiýewa, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap bilim bölüminiň hünärmeni Jeren Reýimbaýewa, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Salam Jumaýew eminlik etdiler.

«Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» atly bäsleşigiň etrap tapgyrynda I orna Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Merjen Rozyýewa, II orna Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Aýgül Meýlisowa, III orna Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 16-njy orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýbibi Isaýewa mynasyp boldular.

Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Dilber JUMAGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

29 Oktýabr 2025 | 35 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM

24 Oktýabr 2025 | 373 okalan

SAGDYN JEMGYÝET – SAGDYN GELJEK

24 Oktýabr 2025 | 366 okalan

HALY DOKAR ELLERIM, GAZAL AÝDAR DILLERIM