Ýakynda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 29-njy orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň, Halaç etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Sagdyn jemgyýet – sagdyn geljek» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň baş hünärmeni Gandym Wellekow, Halaç etrap bilim bölüminiň 29-njy orta mekdebiniň mugallymy Myrat Nobatow hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Halaç etrap birleşmesiniň hünärmeni Ýusup Çerkezdurdyýew çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, öňde goýlan wezipeler, şeýle hem türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny, ýaş nesillerde türkmen halkyna mahsus bolan asyllylygy, ar-namyslylygy, arassa ahlaklylygy, ula hormat, kiçä sarpa goýmalydygy, ýurdumyzda ýaşlara döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlara döredilýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












