Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Billingsde Montana ştatynyň Döwlet uniwersitetine (Montana State University Billings) baryp gördüler.
Saparyň dowamynda ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi hem-de uniwersitet toplumy bilen tanyşlyk boldy. Işewürlik-bilimi, saglygy goraýyş, şepagatçylyk işi, maglumat tehnologiýalar we mugallymçylyk ugurlarynda bilim hyzmatdaşlygyň amaly görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar maglumatlary seljermek, maliýe sowatlylygy hem-de sebitiň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda anyk meýilleri ulanmak arkaly taslamalary dolandyrmak boýunça bilelikdäki gysga möhletli okuwlary girizmegi bellediler. Şeýle hem meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda mugallymlary alyşmak, onlaýn-okuwlar we amaly programmalaşdyrmak hem-de kiberhowpsuzlygyň esaslary boýunça kiçi çäreler bar.
Bilelikde okatmak, gaýtalama okuwlar we geçilenleriň özleşdirilişine gözegçilik etmek üçin ýeke-täk meýdança hökmünde Montana uniwersitetiniň «Canvas LMS» bilim portalyny bilelikde ulanmak baradaky pikir goldanyldy.
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew bilim ulgamynda ýurdumyzyň gazanan netijelerine syn bilen tanyşdyrdy. Maksatnamalaryň halkara hil ölçeglerine laýyklykda rejelenendigi, sanly bilimiň we maddy-tehniki binýadyň ösüşi, ylmy-barlag işjeňliligiň ýokarlanandygy hem-de uniwersitetleriň halkara reýtinglere gatnaşýandygy bellenildi.
Bu ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylary, şeýle hem Montana uniwersitetiniň düzümine girýän Missuly kollejiniň (Missoula College) bilermenleri bilen geçirilen iş duşuşyklaryň dowamynda suw serişdelerini dolandyrmak we howanyň durnuklylygy boýunça dersara taslamalaryň mümkinçiligi maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy bilelikdäki onlaýn-modullary işläp taýýarlap, soňra bolsa olary milli ýokary okuw mekdepleriň birinde synag edip görmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Montana uniwersitetiniň prorektory Adrea Lourens bilen geçirilen duşuşyk saparyň esasy tapgyry boldy. Hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin meýilleri: bir ýyllyk «Ýol kartasy» bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamany taýýarlamak, durnukly ösüş we maglumat tehnologiýalar boýunça bilelikdäki okuwlary girizmek, akademik alyşmalar we talyplaryň hünär ýokarlandyryş okuwlary baradaky meseleler maslahatlaşyldy.
«Missoula College»-iň hem-de Kiberhowpsuzlyk boýunça akademik öňdebaryjylyk merkeziniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň dowamynda türkmen tarapyna Kiberhowpsuzlyk boýunça bilim maksatnamasy, şeýle hem IT düzümleriniň desgalarynyň kemçiliklerini anyklamak we şol desgalary sertifikatlaşdyrmak babatda okatmagyň häzirki zaman usullary görkezildi.
Taraplar türkmen ýokary okuw mekdepleriniň IT dersleriniň mugallymlary üçin hünär ýokarlandyrmagyň gysga möhletli maksatnamasyny, şeýle hem amerikaly kärdeşleriň usulyýet taýdan ýardam bermegi arkaly türkmen uniwersitetiniň binýadynda başarnyklaryň bilelikdäki okuw barlaghanalaryny merkezini döretmegiň mümkinçiligine seretmäge gyzyklanma bildirdiler.
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Montana uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň adam mümkinçiligini berkitmegiň hem-de häzirki zaman bilim tejribelerini ornaşdyrmagyň strategik wezipesine laýyk gelýändigini nygtady.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ylmy işleri boýunça prorektory tebigat bilen baglanyşykly tehnologiýalar, tebigaty aýawly peýdalanmak we suw howpsuzlygy babatda özara gatnaşyklary guramaga gyzyklanma bildirip, ekologiýany, geografiýany hem-de seljermegiň sanly usullaryny birleşdirýän dersara çemeleşmäniň ähmiýetini nygtady. Uniwersitet bilelikdäki okuw çärelerini we meýdan mekdeplerini girizmäge, şeýle hem ýaş alymlaryň gatnaşmagynda durnukly ylmy-barlag toparlary döretmäge taýýardygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ylmy işleri boýunça prorektory tebigy serişdelere gözegçilik etmek hem-de bilimde çylşyrymly maglumat düzümlerini goramak üçin amaly çözgütlere ähmiýet bermek bilen geomaglumat ulgamlary (GMU) hem-de kiberhowpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny nygtady. GMU-platformalaryň bilim maglumatlary bilen ýakynlaşdyrylmagyna hem-de IT dersleriň mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlarynyň ýola goýulmagyna aýratyn üns berildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw işleri boýunça prorektory topogeodeziýa üpjünçiliginiň wezipeleri, ekologiýa gözegçiligi hem-de düzümleýin taslamalary has oňaýly etmek üçin GMU boýunça bilelikdäki işleri ösdürmäge gyzyklanmasyny tassyklady. Uniwersitetiň wekilleri energetikanyň, ekologiýanyň we sanly kartografiýanyň utgaşmagynda bilelikdäki okuwlaryň we ylmy-barlag meýilleriň amaly taýdan gymmatlygyny belledi hem-de umumy neşirlere we taslama işlerine gatnaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamaga girişmegi, fokal-pointleri kesgitlemegi hem-de işleri utgaşdyrmak üçin iş toparyny döretmegi ylalaşdylar. Ilkinji nobatdaky ädimler hökmünde suw howpsuzlygy, ekologiýa we tebigaty tygşytlaýjy tehnologiýalar boýunça başlangyç onlaýn-modullary işläp taýýarlamak, şeýle-de kiberhowsuzlyk boýunça maksatnamanyň ölçegleriniň üstünde işlemek hem-de akademik alyşmalaryň we tomusky mekdepleriň senenamalaýyn meýilnamasyny ylalaşmak bellenildi.
Çäreleriň ahyrynda türkmen wekiliýeti Montana uniwersitetiniň wekillerini Aşgabada gelip görmäge hem-de ugurdaş bilim forumlaryna we sergilerine gatnaşmaga çagyrdy. Taraplar özara hereketleriň geljekki ädimlerini dessine ylalaşmak üçin yzygiderli aragatnaşyk saklamagy ylalaşdylar.
turkmenistan.gov.tm












