Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde däp boýunça Türkmen alabaýynyň baýramy uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Baýramçylyk güni ýurdumyzyň dürli künjeginde alabaý itlerine bagyşlanyp sergiler, aýdym-sazly medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri şatlyk-şowhun guralýar.
Türkmen halky it ýetişdirmek işine ussatdyr. Itleriň häsiýetleri, eýesine wepalylygy bilen bagly ata-babalarymyz ençeme ýyllaryň dowamynda birnäçe nakyllary, rowaýatlary, ertekileri, matallary we tymsallary döredipdirler.
Lebap welaýatynyň çäklerinde hem alabaý itlerine degişli bolan tapyndylaryň üsti açyldy. Türkmenabat şäheriniň etegindäki Amul galasynda, Kerki etrabyndaky Mürzebeggala, Garabekewül etrabyndaky Hazarekdepe, Dänew etrabyndaky Araphana ýadygärliklerinde ýüze çykarylan terrakota heýkeljikleri alabaý itleriniň döreýiş taryhynyň gadymylygyndan habar berýär.
Öýüň sak goragçysy, çopanlaryň kömekçisi hem sürini goraýjysy, ýolda wepaly ýoldaş bolan alabaý itlerimiz sözleriň iň ýagşysyna mynasypdyr.
Häzirki wagtda ýurdumyz alabaýlary ösdürip ýetişdirmek boýunça milli däplerini ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar.
Milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, kämilleşdirmek, olary giňden wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Ogulsapar JORAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.












