Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesilleriň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagy, kämil bilim almagy, ýokary derejeli hünärmenler bolmagy, şeýle hem ruhy-beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin bimöçber alada edilip, döwletimiz tarapyndan giň şertleridir mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar barada edilýän aladalaryň esasy maksady, ýaşlaryň umumyadamzat gymmatlyklaryna akyl ýetirýän, watansöýüji, kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykarýan giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup terbiýelenmeklerine gönükdirilendir.
Ylym we bilim her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdür. Bu ulgama döwrebap kompýuter tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, talyp ýaşlaryň ylym-bilim boýunça dünýäniň täze gazananlary bilen tanyşmagyna ýardam edýär. Munuň özi ylmy-tehniki ösüşe saldamly goşant goşýan ýaş türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň täze neslini kemala getirmäge giň mümkinçilikleri döredýär.
Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda öz ornuny barha pugtalandyrmagy, halkara hyzmatdaşlygyna uly üns gönükdirilmegi netijesinde kämil hünärmenleriň taýýarlanmagyna bolan talap has-da güýçlendirilýär. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ýokary hünär bilim ulgamyny ösdürmek ugrundaky tagallalarynyň netijesinde, talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmek, döwrebap tehnologiýalardan doly baş çykarmak, ylmy işler bilen meşgullanmak, tehniki, ykdysady we beýleki ugurlary ýokary okuw mekdeplerinde okatmak boýunça döredýän mümkinçilikleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler bolsa, ýaşlaryň yhlasly okap, öwrenip öz bilim derejelerini has-da baýlaşdyrmaklaryna, geljekde kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmeklerine ruhlandyrýar. Parahat, asuda, abadan Watanymyzda ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy üçin ähli şertleri döredip, ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Osman AŞYROW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.
 
                     
                     
                     
                             
                    












