ÝAGŞY SÖZÜŇ GYMMATY

Ata-babalarymyz söze aýratyn hormat goýupdyr. Her bir sözüň biserhet güýç-kuwwata eýedigine düşünipdirler we bu baradaky durmuş tejribesini nesillere geçiripdirler. Şonuň üçin hem her säheri irden atasyna salam bermekden başlapdyrlar. Günüň dowamynda sataşan adamlarynyň her biri bilen mähirli salamlaşyp, hal-ahwal sorapdyrlar.

Durmuşda bir-birege, hiç bolmanda, ýagşy söz bilen hemaýat etmegiň uly güýçdügi barada akyldar şahyrymyz Magtymguly:

Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa,
Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr —

diýip, parasatlylyk bilen nygtapdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda ýaş nesilleriň sözüň güýjüne düşünmegi üçin edilýän tagallalar örän inçelik bilen yzarlanylýar. Bu kitapda: «Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Birew bilen aşna bolaý diýseňiz, owwal ykrarynda duruşyn görüň» diýýän setirleri bize söz bermegiň we beren sözüňe ygrarly bolmagyň, kasam etmegiň, ant içmegiň mazmunyna düşünmäge kömek edýär. Çünki söz bermek heniz ygraryňda durjakdygyňy aňlatmaýar. Ynha, hut şu ýerden hem harby kasamyň süňňüne aralaşmaga mümkinçilik tapylýar. Harby gulluk Watan goragçylaryna beren sözünde durmagy öwredýän merdanalyk mekdebidir. Heniz bu mekdebiň bosagasyndan ätlemedik ýetginjekler, harby tälimleriň sapagyny özleşdireninden soň, kämil ynsan bolup ýetişýärler. Borçnama boýunça harby gulluk Watana wepadarlygyň durmuş akademiýasydyr» diýip, pederlerimiziň bu asylly ýörelgeleriniň döwrümiz bilen utgaşdyrylyşy dogrusynda örän aýdyň düşünje berilýär. Halkymyzda her bir ýigide Watan goragçysy hökmünde garalýar. Watan goragçylarynyň kalbyndaky merdi-merdanalygyň derejesini şol ýigidiň edim-gylymyna, oturyp-turşuna esewan etmek bilen birlikde, sözüniň eýesidigine bolan düşünjesi bilen ölçäpdirler. Mert, watanperwer ýigitleriň ygrarly bolmalydygyny çagalykdan olaryň aňyna we terbiýesine siňdiripdirler. Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow hem: «Kasam — kasam, wada — wada bolmaly!» diýip nygtaýar.

Ýaş nesli watanperwerlik ruhunda terbiýelemek babatdaky peder ýörelgelerini öz eserleri arkaly aýdyň ýörelgä öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri belent bolsun!

Oguljan GURBANGULYÝEWA,

Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Berkararlyk etrap polisiýa

Bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi,

polisiýanyň kapitany.

 

«Adalat» gazeti

31.10.2025 ý.

Meňzeş habarlar

01 Noýabr 2025 | 114 okalan

MEDENI HYZMATDAŞLYK PUGTALANDYRYLÝAR

31 Oktýabr 2025 | 80 okalan

ÝAGŞY SÖZÜŇ GYMMATY

29 Oktýabr 2025 | 392 okalan

MUHAMMET ALYNYŇ «OGUZNAMASY»