DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de welaýat ýörite sungat mekdebiniň guramagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli yglan edilen «Türkmen alabaýy — milli mirasymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýinde geçirildi.

Türkmen alabaýynyň gözelligini şekillendiriş sungatynyň eserlerinde açyp görkezmek hem-de bu baýramy dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigine welaýat ýörite sungat mekdebiniň zehinli ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşyjylar bellenen wagtyň dowamynda türkmen alabaýyny nakgaşçylyk we grafika işlerinde şöhlelendirip, ýerine ýetiren işlerini sergilediler.

Döredijilik bäsleşiginiň emin agzalary işleriň iň gowularyny saýlap, ýeňijileri kesgitlediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi tarapyndan dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy.

Annamuhammet GULOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

31 Oktýabr 2025 | 46 okalan

TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

31 Oktýabr 2025 | 56 okalan

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

30 Oktýabr 2025 | 48 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI