Golaýda, Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Ýeňiş» sport toplumynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň hem-de Kerki etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Kerki şäheriniň orta mekdebiniň ýokary synp okuwçy oglanlarynyň gatnaşmagynda sportuň «Woleýbol» görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Bu sport bäsleşigi çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Bäsleşikde I orna 6-njy orta mekdebiň «Edermen» topary, II orna 1-nji orta mekdebiň «Agzybirlik» topary mynasyp boldular.
Bäslikde ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary, şeýle-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sport bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaşlara şeýle ajaýyp zamanada okamaga, öwrenmäge, sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.












