WAGYZ-NESIHAT EDILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda Arçman şäherçe Medeniýet öýünde ýaşlaryň we ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan duşuşykda asyrlardan-asyrlara aşyp gelýän milli ýörelgeler, däp-dessurlar, edep-terbiýe kadalary dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz bize ak ýürekden halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada gyzyldan gymmatly öwüt-ündewlerini, nakyllardyr pähimlerini miras galdyrypdyrlar. Bu asylly ýörelgeler ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Duşuşykda halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan merdana pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam etdirmelidigimiz aýratyn nygtalyp geçildi.

Duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Sahabatberdi KÖSÄÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Öňki makala

SPORT — SAGLYK

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2025 | 18 okalan

WAGYZ-NESIHAT EDILDI

18 Noýabr 2025 | 13 okalan

SPORT — SAGLYK

13 Noýabr 2025 | 112 okalan

SÖHBETDEŞLIK TÄSIRLI GEÇDI