Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ahal welaýatynda aýdym-sazly dabaralar, baýramçylyk maslahatlarydyr-duşuşyklary, söhbetdeşlikler geçirilýär. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlaryň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem şanly senä bagyşlanan täsirli çäreleriň biri boldy.
Medeniýet ojagynyň baýramçylyk keşbinde bezelen owadan eýwanynda geçirilen söhbetdeşlikde häzirki eşretli döwrümiziň gadyr-gymmaty, ýaşlar hakda edilýän aladalar, şeýle-de Watanymyzy gurşap alan ösüş-özgertmeler barada gürrüň edilip, bu gün ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy işleri wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleriniň wekilleriniň hem-de işjeň agzalarynyň orny dogrusynda söz açyldy.
Ruhubelentlikde geçen söhbetdeşligiň barşynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi, ýaşlaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, gurmagy, döretmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işler hakynda aýdylanlar hem uly täsirleri döretdi.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlary şanly senä bagyşlanan söhbetdeşlige özboluşly öwüşgin berdi. Sungat çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen barha özgerýän, gülläp ösýän berkarar Watanymyz, ajaýyp döwrümiz, bagtyýar ýaşlyk joşgunly wasp edildi.
Aýdym-sazly söhbetdeşligiň ahyrynda dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlaryň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň uly toparyna baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Ruhubelent ýaşlar öz gezeginde eşretli döwri peşgeş beren, Watanymyzy bagtyýar ýaşlygyň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli başlangyçlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.












