Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň gurnamagynda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Merkezi kitaphanasynda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we kitaphana ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Ýaşlar – ata-Watanymyzyň geljegidir» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Çäre «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny dabaralandyrmak, milli mirasymyz hem-de ene-mamalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz barada bellenip geçildi, şeýle hem ýaşlaryň arasynda ahlak arassalygy, sagdyn-durmuş ýörelgeleriniň yzygiderli wagyz edilýändigi barada bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, ýaşlaryň döwrebap okamaklary, öwrenmekleri üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Maýa ÇOWDUROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.












