AŞGABATDA HÖWESJEŇ ÝAŞLARYŇ ARASYNDA ROBOTOTEHNIKA BOÝUNÇA BÄSLEŞIK GURALDY

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde häzirki zaman ylymyna höwesjeň ýaşlaryň arasynda robototehnika boýunça giň gerimli tehnologiki bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bu ýaryşa ýurdumyzyň dürli künjeklerinden 300 höwesjeň ýaşlar gatnaşdy.

Iki günüň dowamynda gatnaşyjylar bilimlerini amaly tekizlikde görkezmekde bäsleşdiler. Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirildi: «Robot-sumo» (Robotlaryň göreşi), «Robot cars» (Robot awtoulaglar), «Labirint», «Line follower» (Ýol çyzgysy boýunça yzarlaýjy), «Line follower mission» (Ýörite maksat boýunça yzarlaýjy), «Robot-gämileriň ýaryşlary» we «Mission robot» (Ýörite maksatly robot).

«Mission robot» kategoriýasyndaky görkezme tapgyrlary has-da gyzykly we dartgynly boldy. Bu bäsleşikde ýaş konstruktorlar tarapyndan döredilen robotlar dürli päsgelçilikleri ýeňip, bellenen obýekti başlangyç nokadyna ýetirmeli boldular, bu bolsa ýokary derejeli programmalaşdyrmagy we örän takyklygy talap edýärdi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça emin agzalary ýeňijileri yglan etdiler. Şolaryň hatarynda:

«Robot-sumo» kategoriýasynda — A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän mekdebiniň okuwçysy, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 13-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň robototehnika toparynyň agzasy Alihan Akgaýew;

«Robot cars» kategoriýasynda — Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi Resul Kanalow;

«Labirint» kategoriýasynda — Aşgabat şäherindäki 129-njy orta mekdebiň okuwçysy Dawut Bäşimow;

«Line follower» kategoriýasynda — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Mälik Annamyradow;

«Line follower mission» kategoriýasynda — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň okuwçysy Adylşa Mämmettuwakow;

«Robot-gämileriň ýaryşlary» kategoriýasynda — Aşgabat şäherindäki 96-njy orta mekdebiň okuwçysy Myrat Kakaýew;

«Mission robot» kategoriýasynda — Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary, «Kämil bilim» okuw merkeziniň okuwçylary: Pirguly Öwezow, Nurahmet Kulow we Röwşen Hojageldiýew.

Uniwersitetiň mejlisler zalynda dabaraly ýagdaýda ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle hem ses berişligiň netijeleri boýunça saýlanan iň gowy topar «Ýüpekçi» hojalyk jemgyýeti tarapyndan dört reňkde çap edýän 3D-printer bilen sylaglandy.

turkmenistan.gov.tm