«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň ýazgy jaýynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna görülýän ýokary derejeli taýýarlyk işleri we ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza Gazagystan Respublikasynyň ýokary sylagy bolan «Altyn Kyran» ordeniniň gowşurylmagy mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesiller üçin durmuşa geçirilýän belent işler biziň geljegimiz bolan ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri, ýokary hilli bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistan ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini, şol bir sanda hemmämize mälim bolşy ýaly ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary we onuň çäklerinde ylym-bilim, söwda ulgamlary, ulag we dokma pudaklarynda gol çekilen resminamalaryň, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy bolan “Altyn Kyran” ordeniniň gowşurylmagy dünýä ýüzünde ýurdumyzyň parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň has-da pugtalanýandygy, şol bir sanda türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklaryny geljekde hem ilerletmäge uly goldaw bolar diýip çykyşlarda belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzy aýdyň röwşen geljege tarap alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Osman AŞYROW,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar