ARKADAG ŞÄHERINIŇ MERDANA NESILLERI BÄSLEŞDILER

Düýn Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklap yglan eden «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi. Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen bäsleşige Arkadag şäheriniň umumybilim berýän mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan oglanlar gatnaşdylar.

Bäsleşikde merdana nesiller üç şert boýunça özara bäsleşdiler. Birinji şertine laýyklykda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözüň üsti bilen beýan etdiler. Ikinji şertinde ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirmek bilen, medeniýetimize, sungatymyza söýgileriniň beýikdigini ýene bir gez görkezmegi başardylar. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň üçünji şerti has-da joşgunly boldy. Onda şadyýan oglanlar hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň şertleri esasynda ýerine ýetirilen çykyşlara eminler topary mynasyp baha berip, ýeňijiler kesgitlenildi. Eminleriň çykaran netijesine laýyklykda, «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Arkadag şäher tapgyrynda baýrakly birinji orna Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Jemşit Allaberdiýew, ikinji orna Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Kerem Öwezdurdyýew we üçünji orna iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Meýlis Saparmyradow mynasyp boldular. Olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Mämmedaly ORAZALIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar