Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanalarynyň okyjylarynyň arasynda «Ýylyň okyjysy» atly bäsleşigi geçirildi.
Oňa Daşoguz welaýatynyň 18 ýaşa çenli we ondan ýokary ýaşdaky okyjylary gatnaşdylar. Bäsleşigiň maksady okyjylaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak hem-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň baý many-mazmunyny wagyz-etmekden ybarat boldy. Bäsleşikde emin agzalaryň gelen netijelerine görä, 18 ýaşdan ýokary okyjylaryň arasynda I orna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Merkezi kitaphanasynyň okyjysy Seýitberdiýew Bally, II orna Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Gülnahal Dadebaýewa, 18 ýaşa çenli okyjylaryň arasynda I orna Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Merkezi kitaphanasynyň okyjysy Sabyrowa Merjen, II orna Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Merkezi kitaphanasynyň okyjysy Mätgeldiýewa Mylaýym mynasyp bolup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar döredijilik bilen meşgullanmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jennet ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.












