«MERDANA NESIL – 2025» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ DAŞOGUZ WELAÝAT TAPGYRY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan edilen «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi.

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Altynýol geňeşliginiň oba medeniýet öýünde geçirilen şadyýan bäsleşige etrap tapgyrynda ýeňiji bolan 3 – 5-nji synp okuwçy oglanlar gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen bu şadyýan bäsleşikde okuwçy oglanlar, türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen üstünliklerini, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Okuwçy oglanlar ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdiler, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edip özara bäsleşdiler. Bäsleşikde emin agzalaryň gelen netijelerine görä, I orna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Salyh Baýramgeldiýew, II orna Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň 57-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Röwşen Amanow mynasyp bolup, şadyýan bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşige gatnaşan okuwçy oglanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan okuwçylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýat Geňeşiniň Umumy bölüminiň müdiri.