Hormatly Prezidentimiz 9-njy noýabrda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlise Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy. Onda şu ýylyň on aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.
Hormatly Prezidentimiz ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna söz berdi.
Wise-premýer ýurdumyzyň pagtaçylarynyň 1 million 50 müň tonnadan gowrak hasyl taýýarlap, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary aýdyp, hormatly Prezidentimizi bu gazanylan üstünlik bilen gutlady. Hormatly Prezidentimiz zähmetde tapawutlanyp, uly üstünlikleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak we olara hormatly atlary dakmak hakyndaky çözgüdi yglan edip, Permana gol çekdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu ýylyň on aýynda ýurdumyzyň ykdysady görkezijileriniň, umuman, kanagatlanarlydygyny belledi hem-de sanly ykdysadyýete geçilmegini öňde durýan wezipeleriň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, zerur bolsa, bu ugurda öňdäki orunlary eýeleýän ýurtlardan bilermenleri çagyrmak babatda anyk tabşyryklar berildi. Milli Liderimiz Halk Maslahatynyň birinji mejlisinde seredilen Maksatnamasyny taýýarlamak işleriniň çaltlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu resminamanyň gutarnykly görnüşiniň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde kabul ediljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada aýdyp, wise-premýerlere onuň taslamasyna ýene bir gezek seretmegi, makullamagy hem-de Mejlise ibermegi tabşyrdy.
Öz nobatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekip, baýramçylyk medeni çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň edaralarynda işleriň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady we kitaphana ulgamyny ösdürmegiň, kitap neşir etmegi kämilleşdirmegiň biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine ünsi çekip, bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň işini seljermek barada hem degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda geçen 10 aýyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz TOPH halkara gaz geçirijisiniň we ýurdumyzyň ägirt uly energetika kuwwatlyklaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalaryň gurluşyklaryny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz içerki bazary ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmegiň, eksport kuwwatlyklaryny, daşary bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrmagyň senagat toplumynyň işiniň esasy ugurlarydygyny belläp, Balkan we Lebap welaýatlarynyň çäginde täze sement zawodlaryny gurmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz geljekde aýna önümçiligini giňeltmegiň, hususan-da, aýna önümleriniň görnüşlerini artdyrmagyň wajypdygyny belläp, “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynda bu ugurda degişli işleri geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.
Öz gezeginde hasabat bilen çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryny diňläp, hormatly Prezidentimiz degişli düzümleriň işini yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, degişli düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, şäheriň inženerçilik-tehniki ulgamlarynyň bökdençsiz işini ýola goýmak, jemagat hojalygy gulluklarynyň anyk we sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek meselelerine ünsi çekip, bar bolan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmegi, bilim we ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny ösdürmegi, aň-paýhas, beden, ruhy taýdan ösen nesli kemala getirmek, ylmyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini çalt depginlerde diwersifikasiýalaşdyrmak we durnukly ösdürmek boýunça işlere goşýan goşandyny üpjün etmek boýunça wise-premýerlere tabşyryklar berdi.
Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýylyň başyndan bäri milli parlamentiň alyp baran işleriniň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda geçiren maslahatynda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýat merkeziniň desgalaryny gurmak boýunça halkara bäsleşigini yglan etmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Daşary işler ministrliginde şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijesi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek maslahata hem-de beýleki şanly senelere içgin taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministrine söz berildi. Ol ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň Türkmenistanyň tutuşlygyna goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň kadalaryna doly laýyk gelmelidigini tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada pikirini jemläp, ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitledi.
(TDH-niň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).
“Nesil” gazeti,
13.11.2018ý.