“Ýaşlar bilen dowamatdyr bu ýollar”

Tejen şäheriniň 6-njy orta mekdebinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Ilkinji ýaşlar guramalary bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda Ýaşlaryň mümkinçiliklerini amala aşyrmaklary, şahsyýet hökmünde başarnyklaryny görkezmekleri üçin ähli amatly şertleri döretmek maksady bilen, “Ýaşlar bilen dowamatdyr bu ýollar” ady bilen wagyz-nesihat ýygnagy geçirildi. Ýygnagyň dowamynda TMÝG-nyň Tejen şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri K.Nurberdiýew, TDP-niň Tejen şäher komitetiniň partiýa guramaçysy G.Gurbangylyjowa, TKA-nyň Tejen şäher birleşmesiniň başlygy B.Gurbanberdiýew, Tejen şäheriniň 6-njy orta mekdebiniň müdiri G.Atagulowa dagylar çykyş etdiler.

Meňzeş habarlar

13 Noýabr 2025 | 96 okalan

SÖHBETDEŞLIK TÄSIRLI GEÇDI

13 Noýabr 2025 | 102 okalan

HASYL TOÝUNYŇ DABARALARY JOŞGUNA BESLENDI

13 Noýabr 2025 | 79 okalan

ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ BUÝSANJY