Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň guramagynda etrabyň 1-nji orta mekdebinde “Sowal bizden, jogap sizden” atly şygar astynda zehin bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmak, Arkadagly Serdarymyzyň dürdäne sözlerinden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesliň zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen guralan zehin bäsleşigi ezberleri öňe saýlady. Bu bäsleşikde okuwçy ýaşlar “Berkarar”, “Bitarap”, “Galkynyş” toparlara bölünmek arkaly, 3 şert: çalt aýdyp-ýeňiş gazan, akyl ummany, bir suraty ýa-da şekili iňlis we rus dillerinde beýan etmek boýunça bäsleşdiler. Çekeleşikli häsiýete eýe bolan bäsleşikde “Galkynyş” topary ýeňiş gazandy. Bäsleşikde ýeňiji bolan topara TMÝG-niň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi
SOWAL BIZDEN, JOGAP SIZDEN
17 Noýabr 2022
2559

Meňzeş habarlar
11 Awgust 2025
| 72 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
SYRLY SOWALLAR – ZEHINIŇ AÇARY
11 Awgust 2025
| 65 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
DÖREDIJILIK ÝÜREKLERIŇ OWAZY
11 Awgust 2025
| 73 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>