Türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň öçmejek ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy, olaryň zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda terbiýelenmegi, bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi babatynda zerur işleri durmuşa geçiripdirler. Täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgeler döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýär. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän çagalar baglary, orta mekdepler, ähli amatlyklary bolan sport mekdepleri, meýdançalar we çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri mähriban Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesiller üçin niýetlenendir.
Çagalary hemmetaraplaýyn alada hem-de mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus ýörelgedir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 22-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyz gün tertibini yglan edip, şu mejlisiň dowamynda ýerlerde Ýaşulular geňeşiniň alyp barýan işleri barada pikir alyşmak, öňümizde duran döwlet ähmiýetli çärelere, hususan-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralara taýýarlyk görmek, şeýle hem ýakyn günlerde galla ýygnamaga girişmek meseleleri, obadyr şäherleriň ýagdaýlary, geljek üçin öňde durýan wezipeler hakynda söhbetdeş bolmak kararyna gelendigini aýdyp, häzirki döwürde ýaşlaryň ägirt uly işleri bitirmeklerine bil baglanýandygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly tabşyrygyndan ugur alyp, şeýle hem Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz nesihat etmek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Kerki etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Döwletli işler halkyň bähbidine» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda Kerki etrabynyň baş ymamy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy J.Annakulyýew, Kerki etrabynyň ýaşaýjysy, hajy ene A.Jumaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň başlygy A.Rahmanowa, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Kerki etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni K.Kamalow, Kerki etrap hassahanasynyň şepagat uýasy G.Alymowa dagy öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli çykyş etdiler.
Arzuw RAHMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Kerki etrap Geňeşiniň başlygy.