WATAN – ADAMZAT ÖMRÜNIŇ MANYSY

     Şanyňa şan goşjak 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bu ajaýyp ýylymyzyň ilkinji günlerinde, ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda sak durup, mukaddes Watanymyzyň goragyny ykballaryna baglan merdanalaryň, Watan goragçylarynyň baýramy uly şowhuna beslenip geçilýär.

     Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly taglymatyna esaslanýan adyl döwlet syýasaty we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda nurana geljegimiziň eýeleri hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwlet durmuşynyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlendi. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy, ýaş nesliň ählitaraplaýyn kämilleşmegi üçin örän oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle asylly işleriň netijesinde bolsa Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, beden taýdan sagdyn, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge we zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Watanymyzyň baýdak göterijileri bolan bagtyýar ýaşlar özleri hakynda döwlet derejesindäki aladalara jogap edip, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, Watanymyzyň şan-şöhratynyň we halklara abraýynyň has-da belende göterilmegi üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

     Hormatly Prezidentimiziň özüniň taryhy çykyşynda «Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn» diýip, ýaşlara uly ynam bildirmegi biziň buýsanjymyzy artdyryp, başymyzy göge ýetirýär. Çünki, hormatly Prezidentimiziň ynamy – halkyň ynamy, ýurduň ynamy. Şol ynamy ödemek hem Watan öňündäki borjuňy haklamakdyr. Watançy ýaşlara ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegimiz üçin uly mümkinçilikler açylýar. Mahlasy, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmaga isleg bildiren uçurymlaryň harby gulluga çagyryş möhletiniň yza süýşürilmegine mümkinçiligiň döredilmegi bolsa ýaşlar üçin döredilýän şertleriň esasylarynyň biridir.

     Türkmen topragy asyrlaryň dowamynda Watany üçin şirin janyny gaýgyrmadyk ärleri, watançy gerçekleri dünýä berdi. Çünki halkymyzda watançylyk terbiýesi şahsyýeti kemala getirmegiň düýp özeni hasaplanýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Ata-babalarymyz Watany belent başlarynyň mertebesi saýypdyrlar. Watan – adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar. Gözüň gören topragy, ýüregiň aram tapan mekany bolsa kalp çuňlugyndan doguma, gaýrata mukaddes kelama siňip, adamzadyň watançylyk duýgusynyň iň naýbaşy nusgasy hökmünde beýan edilýär» diýip belläp geçýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgelere täzeçe öwüşgin çaýylýar.

     Her ýyl Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Watan goragçylaryna ýaşaýyş jaýlaryň sowgat berilmegi, ýörite atlaryň dakylmagy ýurdumyzda döwlet derejesinde edilýän aladalardan nyşandyr.

 

Arslanmyrat REJEPMYRADOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar

beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 134 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 91 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI