«ZEMINIŇ ZYNATY TÜRKMEN GYZLARY» ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

       Golaýda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda iň bir ajaýyp baýramçylyklaryň biri bolan Halkara Zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi we Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde paýtagtymyzyň orta mekdeplerini 9-11-nji synplarynda bilim alýan okuwçy gyzlaryň arasynda «Zeminiň zynaty türkmen gyzlary!» atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji Aşgabat şäher tapgyry Aşgabat şäheriniň 88-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda uly şowhun bilen ýokary derejede guramaçylykly geçirildi. Eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan zehinli çagalar — Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 134-nji orta mekdebiniň 10-njy “B” synp okuwçysy Annaýewa Şirin Baş baýraga, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň 9-njy “A” synp okuwçysy Garajaýewa Ogulmeňli 1-nji orna, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiň 11-nji “A” synp okuwçysy Sähedowa Humaý 2-nji orna, Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky 43-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 10-njy “D” synp okuwçysy Gurbanmämmedowa Maral, Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 9-njy “B” synp okuwçysy Maksadowa Ogulgerek dagylar 3-nji orna mynasyp boldular hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Hormat hatlaryna, ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular. Çärä gatnaşan gyzlar öz ýürek buýsançlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Enejan DOLAÝEWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 100 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 68 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI