Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan asylly ýörelgelerine eýerip mynasyp nesli kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler her bir adamyň esasan hem, ýaş nesilleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýaryp, ýagty ertirlere bolan beýik ynamyny artdyrýar. Ýaşlaryň edep-ekramly bolup ýetişmegi döwrüň iň wajyp meseleleriniň biri bolup, her bir ene-ata perzendine mähir duýgusyny siňdirip kemala getirýär. Pederlerimiz «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýmek bilen watansöýüjülik, ynsanperwerlik, zähmetsöýüjilik, halallyk ýaly terbiýeçilik ýörelgelerini çaganyň kalbyna ol heniz sallançakdaka guýup başlapdyrlar. Edep – her bir halkyň asyrlaryň dowamynda toplap kämilleşdiren, nesillerden nesillere geçirip gelýän ahlak kadalarynyň, gylyk häsiýet düzgünleriniň jemidir. Halkymyzyň edep-kadalary nesillerimiz üçin nusgadyr, görüm-göreldedir, ýol-ýörelgedir. Türkmen halky öz perzentleriniň bagtyýar, has kämil bolmagyny isläp, nesilleriň aňyna edep-terbiýäni guýmagyň dürli ýollaryny agtarypdyrlar.
Ýaşlaryň iň gowy häsiýetleriniň biri – adamkärçilikdir. Watançylyk terbiýesi nesillerde geçmişine, ata-babalaryň asyrlaryň dowamynda döreden medeniýetine, bereketli topragyna, medeni we ruhy gymmatlyklaryna buýsanç duýgusyny emele getirmekdir. Mylakatlylyk güler ýüzlülik, açyk göwünlilik ynsan häsiýetleriniň naýbaşylarydyr. Birek-birek bilen mylakatly bolmak ynsany bezeýän iň gowy häsiýetlerdir. Hoş gylykly adam hemişe ynsanlaryň söýgüsini gazanyp bilýär. Berkarar döwletimizde jemgyýetiň ruhy ahlak ýörelgeleri ösýär hem pugtalanýar.
Biz hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzybir işgärleri bolup, ýaşlaryň arasynda ýygy-ýygydan terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çärelerini geçirip, öňümizde goýlan mukaddes borjumyzy ýerine ýetirmekde yhlasly zähmet çekýäris.
Aýgül MELÄÝEWA
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.












