NOWRUZ TEBIGATYŇ HEM-DE KÖŇÜLLERIŇ BAÝRAMY

     Golaýda Nowruz baýramynyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň edara binasynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Nowruz tebigatyň hem-de köňülleriň baýramy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärä gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlarynyň, baýramçylyklarynyň we toý dabaralarynyň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny bellediler. Şeýle hem Nowruz baýramynyň tebigatyň bize eçilen iň owadan baýramy bolmak bilen bir hatarda köňülleriň hem baýramydygy barada öz çykyşlarynda beýan etdiler.

     Gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruzda halk oýunlary oýnalyp, toý tagamlary taýýarlanýar.

     Bu ýylky gelen Nowruz türkmen halkyna rysgal-bereket eçilsin! Döwletimiziň asudalygyny, abadançylygyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we

köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 83 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 61 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI