Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen topragyna baharyň gelşi üýtgeşik. Kalby hemişe gözellige halkymyz bu ajaýyp pasly şatlyk-şowhunly baýramçylyk dabaralary bilen garşy alýar. Tebigata ýaşyl ýaşaýşyň täze aýlawyny alyp gelýän ýaz paslynyň ilkinji günlerinde Milli Bahar baýramynyň – Halkara Nowruz gününiň şanyna toý-baýramy uludan tutmak halkymyzda asylly däbe öwrüldi. Şeýle ajaýyp dabaralaryň biri hem Diýarymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesinde Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan gurnamagynda «Gelse Nowruz Äleme» diýen at bilen geçirildi. Bu ýerde baýramçylyk mynasybetli gurulan ak öýler, ýazylan bereketli desterhanlar, toý gazanlary, Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Halkymyzyň asyrlar aşyp gelen nusgalyk däp-dessurlary bu baýramçylyga gatnaşan döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapdy.
Altyn DURDYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.












