Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň hem-de Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Aşgabadyň dokma toplumynyň kiçi mejlisler jaýynda şol toplumda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýaş nesliň kemala gelmeginde edep-terbiýäniň ähmiýeti barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle hem Dokma senagatynyň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biridigini, döwlet tarapyndan berilýän ählitaraplaýyn goldaw bilen bu pudagyň uly depginde ösüş ýoly barada buýsançly gürrüňler edildi.
Dokma toplumynyň işgärleri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesil barada edýän aladalaryna köp sagbolsun aýdyp, mundan beýläkde tutanýerli zähmetleri bilen pudagyň işiniň barha ilerlemegi üçin goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Uzukjemal GARAGULYÝEWA,
Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.












