KIBERHOWPSUZLYK – MAGLUMAT GORAGLYLYGYNYŇ BINÝADY

      Golaýda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň etrabyň Polisiýa bölümi bilen bilelikde gurnamagynda “Kiberhowpsuzlyk –maglumat goraglylygynyň binýady” ady bilen Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýörite hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

      Çärede çykyş edenler maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi olaryň ähmiýeti, kiber hüjümlerden goranmagyň usullary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

      Kiberhowpsuzlyk – bu ulgamlary, torlary we programmalary sanly hüjümlerden goramaga gönükdirilen iş bolup durýar. Täzeden döreýän we kämilleşýän howplardan goranmagyň umumy analizini kiberhowpsuzlyk düşünjesi bilen beýan etmeklik bolar. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuz we ygtybarly dolandyrylmagy döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biridir.

      Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

Ogulbibi MESKUTOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň sanly ulgamy boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 68 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 57 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI