SPORT – ÇAGALARYŇ ÝAKYN HEMRASY

     Ýaňy-ýakynda şeýle sport şygary astynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi, etrabyň 2-nji sport mekdebinde, şol mekdepde bilim alýan 2006 – 2007-nji ýyllarda doglan ýetginjek oglanlaryň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Ýaryş gyzykly hem-de çekeleşikli ýagdaýda geçdi.

     Onuň eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, tälimçi Şöhrat Gurbanowyň «Agzybirlik» topary 1-nji orna, tälimçi Çary Aşyrowyň «Sport» topary 2-nji orna, tälimçi Kuwat Babajanowyň «Galkynyş» topary 3-nji orna mynasyp boldular. Ýaryşyň ýeňijilerine, şeýle hem beýlekilerden has tapawutly çykyş eden toparlara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

 

Nurjemal SAPAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Boldumsaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

17 Oktýabr 2025 | 154 okalan

BAKY BITARAPLYK — BAKY BAGTYMYZ

17 Oktýabr 2025 | 78 okalan

HARMANYŇA BEREKET – ÖMRÜŇE BEREKET

17 Oktýabr 2025 | 89 okalan

HARMANYŇYZA BEREKET EDERMEN BABADAÝHANLAR!