MAŞGALAM – BAŞ GALAM

Golaýda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda Gurban baýramy mynasybetli «Maşgalam – baş galam» ady bilen datly desterhanyň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde ynsanperwerligiň we sahylygyň, mukaddesligiň baýramy bolan Gurban baýramy, onda ýerine ýetirilýän däp-dessurlarymyz, bişirilýän milli tagamlarymyz barada buýsançy gürrüňler edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Gurban baýramynda edilen doga-dilegler kabul bolýar diýlen ynanç bar. Şonuň üçin hem baýramlaryň seresi Gurban baýramy her ýyl mukaddes ojaklara bereket paýlaýar. Bu ýyl hem Gurban baýramyny ýokary derejede geçirmek üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ak bazarlarymyzda elýeterli bahalardan datly desterhanymyzy bezemek üçin gerek bolan önümleri almaga şertler döredilen. Şeýle hem Gurban baýramynda dynç günleriniň berilmegi baýramçylygy ýakynlarymyz bilen bilelikde bellemäge mümkinçilik döredýär. Milli baýramçylyklarymyzy ýokary derejede bellemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Bilbil ANNAGURBANOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

26 Iýul 2025 | 8 okalan

ÝAŞLAR HÜNÄR SAÝLAÝAR

26 Iýul 2025 | 7 okalan

OKUW TEJRIBELIGI DOWAM EDÝÄR

25 Iýul 2025 | 39 okalan

TÄSIRLI GEÇEN GEZELENÇ