SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

     Ýakynda Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň gurnamagynda Gökderedäki «Şöhle» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda sport ýaryşy geçirildi. Uly şowhuna beslenip geçirilen ýaryşa çagalar höwes bilen gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnygyny, ugurtapyjylygyny görkezdiler.

     Işjeň gatnaşan, ýeňiji bolan çagalara Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar körpeler özlerine döredilip berilýän şeýle mümkinçilikler, şertler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

 

Bilbil ANNAGURBANOWA,

Aşgabadyň dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky

ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

07 Noýabr 2025 | 56 okalan

YNSAN WE TEBIGAT

07 Noýabr 2025 | 53 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI