Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Çekeleşikli geçen sport ýaryşynda çagalar özleriniň ukyp-başarnygyny görkezip, çäräniň şowhunyny has-da artdyrdylar. Uly ruhubelentlige beslenen bu ýaryşa işjeň gatnaşan körpejelere TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşi hem-de Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çärä gatnaşan bagtyýar körpeler döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.
Batyrgeldi MYRADOW,
Türkmenbaşy Jins toplumynyň Magtymguly
adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.












