SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň we Gyzylarbat etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň bilelikde gurnamagynda «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Sport – bagtly geljek» ady bilen sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige şol merkezde dynç alýan körpejeler gatnaşdylar. Bu bäsleşik çagalaryň sporta bolan söýgülerini, ukyplaryny has-da açyp görkezmäge mümkinçilik döretdi. Bäsleşige gatnaşýan çagalar, «Bürgüt» we «Laçyn» diýen iki topara bölünip, öz çeýeliklerini, güýçlerini we ýyndamlyklaryny görkezdiler. Öňe saýlanan «Laçyn» topary bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Şowhuna beslenen bäsleşikde ýeňiş gazanan topara TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

Altynaý MÄMMETNAZAROWA,

TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 82 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 71 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 59 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT