Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen «Türkmenistan» teleýaýlymynyň döredijilik toparynyň bilelikde taýýarlamagynda «Halk Maslahaty – halkyň baýramy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň maksady we esasy wezipeleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylarymyz Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Gülälek BAÝRAMALYÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň baş hünärmeni.