Ýakynda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde, şol mekdepde bilim alýan talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Duşuşykda birnäçe çykyşlara orun berlip, her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen biraýlygyň ähmiýeti barada, ýol herekete gatnaşyjylaryň öz borçlary dogry berjaý etmelidigi, şeýle-de, sürüjileriň, pyýadalaryň hüşgär, seresaply, kada-kanunlara laýyklykda hereket etmekleriniň zerurdygy nygtaldy. Ulag dolandyrylan wagty seresaplylyk we howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek, ulagyň guratlygyna, içerki hem-de daşarky arassalygyna, ýolyşyga, ýol belgilerine, ulaglaryň aralygyndaky bellenilen aradaşlyga doly üns bermek, köçedir ýollarymyzy tämiz saklamak we beýleki talaplar barada giňişleýin gürrüň berildi.
Çykyşlaryň her birinde ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.
Aýgül IŞANMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.