Ýakynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Polisiýa müdirligi, Balkanabat şäher Polisiýa bölüminiň PÝGB-i, welaýat hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde Balkanabat şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda «Hereketiň sazlaşygy – ak ýollaryň ýaraşygy» atly şygar bilen ýaşlara ýol hereketiniň düzgünlerini we kadalaryny giňden wagyz etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak hem-de bu ugurdaky bilimleri kämilleşdirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.
Duşuşykda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek ynsan saglygyny goramakdyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bütin dünýäde ileri tutulýan wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Ulaglaryň sanynyň artmagy köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmäge bolan talaby has hem güýçlendirýär. Köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy, ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagy biziň özümize baglydyr. Köçelerde, ýollarda hereket etmegiň düzgünlerini berjaý edip, çagalara öwretmegimiz, bu işde dürli usullardan, tärlerden peýdalanmagymyz, geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar çagalaryň asuda, abadan durmuşyny sagdyn hem-de ruhubelent ýaşaýşyny berkarar etmekde mynasyp orny bardyr. Şol jähetden hem ýurdumyzda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, zerur çäreleri işläp taýýarlamak boýunça bimöçber işler alnyp barylýar.
Biziň şeýle eşretli, parahat durmuşymyzyň we asuda ýaşaýşymyzyň sakasynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.