Ýaňy-ýakynda Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň 31-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde ýaşlaryň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen, mekdep okuwçylaryň arasynda «Ýollar asuda, iller abadan» atly şygar bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler ýol hereketiniň düzgünleri, olary ýol hereketine gatnaşýan ähli raýatlaryň berjaý etmelidigini, şol kadalaryň bozulan ýagdaýynda ynsan saglygyna ýetýän şikesler barada anyk mysallaryň üsti bilen gürrüň berdiler.
Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillere bildirýän ynamyny ödäp, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler.
Amangözel EŞEROWA
TMÝG-niň Balkanabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.